Ýerapetritis: "Liderlerimiziň duşuşygy üçin taýarlyk görýäris" diýdi

Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi

2033077
Ýerapetritis: "Liderlerimiziň duşuşygy üçin taýarlyk görýäris" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşmak üçin şu gün Türkiyä sapar gurajak Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirmegi meýilleşdirilen duşuşyklary üçin iki ministriň taýarlyk görýändigini habar berdi. 

Türkiyä sapar guramadan ozal beýanat beren  Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçirilen NATO sammitiniň çäginde oňyn ýagdaýda duşuşyk geçirendiklerini, liderleriň ol ýerde Türkiye bilen Gresiýany ýaňadandan ylalaşyk ýoluna getirmegi karara gelendiklerini aýan etdi. 

Ýorgos Ýerapetritis: "Hem kärdeşim bilen liderlerimiziň Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň Baş Assamblýeýasynyň çäginde boljak, ýurtlarymyzyň arasynda dowamly hyzmatdaşlygyň edilmegi baradaky niýetlerini tassyklajak nobatdaky duşuşygyň taýarlygyny ele almak üçin hem-de 7 ýyl arakesmeden soň ilkinji Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyny öňümizdäki dekabr aýynda Saloniki şäherinde geçirilmegine taýarlyk görmek maksady bilen Türkiyä sapar guraryn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar