BMG: "Gara deňiz Galla başlangyjyny janlandyrmaga synanyşýarys"

Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölüminiň metbugat geňeşçisi Ýens Laerke Gara deňiz Galla başlangyjyny janlandyrmaga synanyşýandyklaryny habar berdi

2033103
BMG: "Gara deňiz Galla başlangyjyny janlandyrmaga synanyşýarys"

BMG-nyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölüminiň metbugat geňeşçisi Ýens Laerke: "Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygyna gaýdyp gelmek bilen hem Russiýa Federasiýasyndan hem-de Ukrainadan millionlarça tonna galla we dökün eksportyny ýeňilleşdirjekdigine, bazarlary arkaýynlaşdyrjakdygyna we Gara deňiziň howpsuzlygyny artdyrjakdygyna ynanýarys" diýip mälim etdi. 

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan düýn Soçide Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren metbugat ýygnagynda: "Gara deňiz Galla geçelegesi ylalaşygynyň kemçilikleriniň ortadan aýrylyp, başlangyjyň dowam etmelidigine ynanýarys. Bu meseledäki garaýyşlarymyzy gadyrly dostum bilen geçen netijeli ikiçäk duşuşygymyzda hem belläp geçdim. Şol çäkde BMG bilen möhüm ösüşi öz içine alýan täze teklipler toplumyny taýýarladyk. Bu täze tapgyryň üsti bilen netije alyp boljakdygyna ynanýaryn. Türkiye hökmünde, gysga wagtyň içinde tamalary kanagatlandyrjak çözgüt taparys diýip pikir edýärin  diýip habar berdi. "

Putin hem öz gezeginde: "Galla geçelgesini işjeňleşdirmek isleýäris, ony amala aşyrarys. Bir şert bilen ederis. Oba hojalyk önümlerimiziň päsgelçiliksiz deňize çykmagyny isleýäris" diýip beýan edipdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #BMG

Degişli Habarlar