Gara deňiz Galla geçelgesi başlangyjynyň ýola goýulmagy üçin tagalla edilýär

Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň täzelenmeginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar

2025974
Gara deňiz Galla geçelgesi başlangyjynyň ýola goýulmagy üçin tagalla edilýär

Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýtyň resmi metbugat geňeşçisi Jemal Rüşdi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt Ukrainanyň Daşary işler ministri Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Abu Gaýt we Kuleba ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Ukrainadaky krizisiň çözgüdi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar. 

Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň täzelenmeginiň ähmiýetini ele alan Abu Gaýt we Kuleba, Russiýa tarapynyň ylalaşygy täzelemgi ret etmeginden soň, Ukrainanyň galla başda bolmak bilen önümlerini eksport etmekde çekýän kynçylyklaryny we çözgüt ýollaryny maslahatlaşdylar. 

Abu gaýt Arap ýurtlarynyň BMG-nyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň iýul aýynda gol çekilen ylalaşyk tapgyryna goldaw berýändigini ýatladyp, Galla ylalaşygyny amala aşyrmagy maksat edinýän ähli tagallalary goldaýandyklaryny habar berdi. 

BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Farhan Hak gündelik metbugat ýygnagynda, Russiýanyň Dunaý derýasyndaky galla ammarlama desgalaryny we portlary nyşana alyp hüjüm guramagyna alada bildirýändiklerini beýan etdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Wedant Patel hem Russiýa tiz wagtda Gara deňiz Galla ylalaşygyna gaýdyp gelmegi barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar