Ermenistan Laçyn Ýolunyň Ýapylmagy Boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Ýüz Tutdy

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Ermenistanyň çagyryşyna laýyklykda nobatdan daşary maslahat geçirdi. Maslahatda “Laçyn ýoly bilen bagly meselä” garaldy.

2025825
Ermenistan Laçyn Ýolunyň Ýapylmagy Boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Ýüz Tutdy

Azerbaýjanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili İlçi Ýaşar Aliýew, Ermenistanyň Laçyn ýoly bilen bagly öňe süren günäkärlemeleriniň “esassyz we hakykata laýyk däldigini” nygtap, ýurdunyň ony kabul etmeýändigini aýtdy.

Ermenistanyň halkara jemgyýetçiligini ýalňyş gönükdirmäge çalyşýandygyny aýdan Aliýew, Laçyn koridorynyň onsuz hem birnäçe wagt ozal açylandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili İlçi Sedat Önal bolsa Ermenistanyň Laçyn ýoly bilen bagly syýasy maksatly günäkärlemelerini gün tertibine getirmek üçin halkara platformalardan peýdalanma synanşygyna Türkiýäniň aladasyny beýan etdi.

Azerbaýjanyň tebigy özygryýarlylyk hukuklaryna sarpa goýulmalydygyny nygtan Önal; “Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky ýaraşyk gepleşiklerini güýçli goldamaga dowam edýäris” diýdi.

Sedat Önal ilkinji nobatda Azerbaýjanyň kanuny aladalaryna üns berilip, tebigy özygyýarlyyk hukuklaryna sarpa goýulmalydygyny nygtap, Azerbaýjanyň Laçyn ýolunyň ýaragly toparlara goldaw maksatly peýdalanylmagyna we Garabagdaky bikanun magdan dolanşygy bilen bagly uzak möhletli aladalara ünsi çekdi.



Degişli Habarlar