Şertler Ýerine Ýetirlen Halatynda Russiýa Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygyny Dowam Etdirer

Putin, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakynda maglumat berdi.

2013764
Şertler Ýerine Ýetirlen Halatynda Russiýa Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygyny Dowam Etdirer

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ähli şertler ýerine ýetirlen halatynda Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygyny dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Putin, paýtagt Moskwada egindeşleri bilen geçiren maslahatynda, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakynda maglumat berdi.

Russiýanyň Günbatary ýurtlaryň ulumsylyklaryna garamazdan ylalaşygyň möhledini birnäçe gezek uzadandygyny aýdan Putin, “Daşary ýurtly kärdeşlerimiziň gazanylan ylalaşygyň şertlerini doly ýerine ýetirmeklerine garaşdyk. Emma tamamyz puja çykdy” diýdi.

Ylalaşygyň bes edilmeginden Günbatarly ýurtlaryň jogapkärdigini aýdan Putin, Günbatarly ýurtlaryň Russiýanyň ýoksul ýurtlara dökün kömegini bermegini bökdändigini ýatlatdy.

Putin, Russiýanyň ylalaşygy dowam etdirmegi üçin käbir şertleriniň bardygyna ünsi çekip, azyk we dökün pudagynda iş alyp barýan rus banklary we maliýe firmalary bilen rus galla önümleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmeginiň we Russiýanyň oba hojalyk pudagynyň öňündäki bökdençlikleriň ortadan aýrylmalydygyny belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar