Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygy Bilen Bagly Bökdençlikleri Ortadan Aýyrmaga Mümkinçilgimiz Ýok

BMG-niň Metbugat sekretary Stefan Duýarri. günlük metbugat ýygnagynda Russiýanyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy we BMG bilen ylalaşyk ähtnamasyny bes etmegi bilen bagly žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

2012875
Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygy Bilen Bagly Bökdençlikleri Ortadan Aýyrmaga Mümkinçilgimiz Ýok

Russiýanyň BMG-na uğradan resminamada ylalaşygyň “bes edilendigi” frazasyna orun berilýändigine ünsi çeken Duýarriç, Stambuldaky Bilelikdäki utgaşdyryjy merkezde häzirki wagtda soňky gäminiň barlagdan geçirilýändigini, merkezdäki BMG-niň gullukçylarynyň häzirlikçe ol ýerde galmaga dowam etjekdigini aýtdy.

Duýarriç başga ýurtlaryň gämi uğratmak isleme ähtimallygy hakynda bolsa “BMG Gara deňize gözegçilik etmeýär” diýdi.

Duýarriç, Russiýanyň “bökdençlikleriň aýrylmagy” hakyndaky talaby barasynda bolsa, BMG-niň ençeme başlangyjy iş ýüzüne geçirendigini we hyzmatdaşlary bilen gepleşikler alyp barýandygyny ýatladyp; “Biziň ähli bökdençlikleri ortadan aýyrjak mümkimçiligimiz ýok” diýdi.



Degişli Habarlar