Sergeý Lawrow Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy barada beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-nyň tagallalaryna garamazdan Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň ýurdy bilen bagly böleginiň durmuşa geçirilmeýändigini habar berdi

2009851
Sergeý Lawrow Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy barada beýanat berdi

Paýtagt Moskwa şäherindäki Daşary işler ministrliginde "Russiýa Pars aýlagy ýurtlary hyzmatdşlyk geňeşiniň 6-njy Strategik diýalog" atly maslahatda Sergeý Lawrow metbugat işgärleriniň biriniň, Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň şertleriniň gowulaşdyrylmagy bilen bagly soragyna, şol ylalaşygyň Russiýa bilen bagly böleginiň durmuşa geçirilmeýändigini mälim etdi. 

BMG-nyň resmileriniň şol ugurda tagalla edýändiklerini, eýýäm ençeme wagt eşidýändiklerini aýdan Sergeý Lawrow: "Şol ynanyp bolmajak tagallalar hiç hili netije bermedi. Şol sebäpli ýok zadyň nädip gowulaşdyryljakdygyny bilemok" diýip nygtady. 

Sergeý Lawrow ylalaşygyň Ukraina bilen bagly böleginiň söwda taslamasyna öwrülendigini belläp, Ukrainanyň portlaryndan eksport edilýän gallanyň diňe 3 göterimden hem az böleginiň Bütindünýä Azyk guramasynyň sanawynda bar bolan garyp we mätäç ýurtlara ugradylýandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar