BMG Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin tagalla edýär

BMG Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň 17-nji iýulda gutarjak möhlediniň uzadylmagy üçin başlangyçlaryň dowam etdirilýändigini habar berdi

2009594
BMG Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin tagalla edýär

BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dyužarrik gündelik metbugat ýygnagynda, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň tapgyryň uzadylmagy üçin elinden gelýän tagallany edýändigini aýan etdi. 

"Ylalaşygyň doly ýagdaýda durmuşa geçirilmegi we uzadylmagy üçin elimizden gelýän tagallany edýäris" diýip aýdan Dýužarrik, ylalaşygyň global açlyga garşy göreş tapgyry taýdan möhümdigi beýan etdi. 

BMG-nyň Russiýa, Ukraina we Türkiye bilen mesele bilen bagly aragatnaşygyny dowam etdirýändigini aýdan Dýužarrik, ylalaşyk bilen bagly hadysalaryň uly ähmiýete eýedigini belledi. 

Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleriniň global azygyň bahalaryna ýetirýän täsirini azaltmak üçin BMG, Russiýa, Türkiye we Ukraina 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda geçirilen dabara bilen Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygyny baglaşypdylar. 

Ozal birnäçe gezek möhledi uzadylan ylalaşygyň soňky möhledi bolsa 17-nji iýulda dolar. Rus resmiler ylalaşygyň uzadylmagy üçin mümkinçiligiň ýokdugyny beleýärler.  



Degişli Habarlar