“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Meselesinde Türkiýe Uly Rol Oýnaýar”

Griffits, 17-nji iýulda möhledi dolýan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy meselesinde Türkiýäniň uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

2008589
“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Meselesinde Türkiýe Uly Rol Oýnaýar”

 

BMG-nyň Baş sekretarynyň Gumanitar işlerden jogapkär orunbasary Martin Griffits, 17-nji iýulda möhledi dolýan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy meselesinde Türkiýäniň uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

Nýu-Ýorkda BMG-nyň merkezinde metbugata beýannama beren Griffits, 10 gün soň möhledi dolýan galla geçelgesi ylalaşygy hakynda durup geçdi.

Griffits “Bu meselede ünsler Türkiýä gönükdi. Ankara bilen hepde-de 2 ýada 3 gezek bu mesele hakynda pikir alyşýarys” diýdi.

Griffits, galla geçelgesi ylalaşygy meselesinde Türkiýäniň uly rol oýnaýandygyny ýatlatdy.

Dünýä ýurtlarynyň galla bilen üpjün edilmeginde Gara deňiz galla eksportynyň uly rol oýnaýandygyna ünsi çeken Griffits, ylalaşygyň möhledi uzadylman halatynda netijesiniň agyr bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

 



Degişli Habarlar