Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi

Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda soňky birnäçe gün bäri täsirli bolan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda 13 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy

1991408
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi

Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Tebigy apatlardan jogapkär Döwlet ministrliginiň metbugat geňeşçisi Şafiullah Rahimi mesele bilen bagly metbugata beýannama berdi. 

Rahimi sil apatynyň ýurduň esasan hem Lagman, Paktiýa, Daýkundi, Host, Nangarhar, Maýdan Wardak, Kandagar, Baglan we Gor welaýatlaryna täsir ýetirendigini habar berdi. 

13 adamyň ýogalandygyny, 8 adamyň hem ýaralanandygyny aýdan Rahimi käbir sebitlerde ýollara we suw kanallaryna zyýan ýetendigini mälim etdi. 

Rahimi 3 müňden gowrak akr ekerançylyk meýdanyň we 56 öýüň zyýan görendigini aýan etdi. 

Owganystanda uzak ýyllaryň dowamynda dowam eden çaknyşyklar gurşawy sebäpli ýurt derejesinde infrastrukturanyň özgerdilmezligi, başdan geçirilýän tebigy hadysalaryň täsirini artdyrýar we köp sanda adam pidalaryna sebäp bolýar. 

Soňky ýyllaryň iň sowuk gyşyny başyndan geçiren Owganystanda sowuk howalar sebäpli şu ýyl 180-e golaý adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Owganystan

Degişli Habarlar