Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi

2143014
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 62 adam artyp 35 müň 709 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 229 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 6 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýene-de 62 palestinalynyň ýogalandygy, 138 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 709, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 990 adama ýetendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar