Germaniýada 2 rus oppozisioner žurnalistiň zäherlenendigi öňe sürüldi

Germaniýada 2 rus oppozisioner žurnalistiň çäreleriň birinde zäherlenendigi şübhesi bilen derňew işi başladyldy

1989221
Germaniýada 2 rus oppozisioner žurnalistiň zäherlenendigi öňe sürüldi

Germaniýanyň metbugatynda berilen habarlarda 29-30-njy aprel günlerinde ýurduň paýtagty Berlin şäherinde rus işewür adam Mihail Hodrokowskiýiň çykyş eden konferensiýa gatnaşan merkezi ABŞ-da ýerleşýän Azat Russiýa gaznasynyň başlygy Natalia Arnonyň we ýene-de bir žurnalist zenanyň zäherlenme alamatlary sebäpli hassahana ýüz tutandyklary mälim edildi. 

Iki zenan žurnalistiň geň alamatlar, ýiti agyry we bedeniň guruşmagy ýaly alamatlar sebäpli hassahana ýüz tutandyklary habar berildi. 

Rus habar portaly "Agentstwo" habarlar portalynyň habarlaryna salgylanyp, iki aýalyň nerw-ysmaz gazyndan zäherlenendikleri güman edilýär. 

Germaniýanyň Polisiýa gullugy derňew işiniň gozgalandygyny tassyklady, emma jikme-jik maglumat bermekden saklandy. 

 



Degişli Habarlar