Serbiýada Mekdebe Guralan Hüjümde Ýaralanan Ýene-de 1 Çaga Ýogaldy

3-nji maýda mekdebe guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi.

1986853
Serbiýada Mekdebe Guralan Hüjümde Ýaralanan Ýene-de 1 Çaga Ýogaldy

Serbiýada 3-nji maýda mekdebe guralan ýaragly hüjümde agyr ýaralanan ýene-de 1 çaga bejergi alýan hassahanasynda ýogaldy.

Serbiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, paýtagt Belgratdaky Wladislaw Ribnikar mekdebinde 14 ýaşyndaky K.K-niň guran hüjüminde agyr ýaralanan ýene-de 1 çaga ýogaldy.

Beýannamada, hüjümde agyr ýaralanan gyzjagazyň bejergi alýan hassahanasynda ýogalandygy nygtaldy.

Şeýlelikde 3-nji maýda mekdebe guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksander Wuçiç, ýurtda soňky döwürde guralan iki ýaragly hüjümden soň rugsatsyz ýarag edinenlere ýaraglaryny tabşyrmaklary üçin beren çagyryşyna laýyklykda şu günki güne çenli 13 müň 500 ýaragyň howpsuzlyk güýçlerine tabşyrlandygyny aýtdy.


Etiketkalar: #hüjüm , #mekdep , #Serbiýa

Degişli Habarlar