Nigeriýada Buthana Guralan Hüjümde Zamun Alynan 11 Adam Boşadyldy

Buthana guralan hüjümde zamun alynan 25 adam 11-i boşadyldy.

1985383
Nigeriýada Buthana Guralan Hüjümde Zamun Alynan 11 Adam Boşadyldy

 

Nigeriýanyň Kaduna sebitinde hepdäniň ahyrynda buthana guralan hüjümde zamun alynan 25 adam 11-i boşadyldy.

Nigeriýanyň Hristiýan bileleşiginiň başlygy ruhany Haýab, ýaragly toparlar tarapyndan buthana guralan hüjümde zamun alynan 25 adamdan 11-niň boşadylandygyny mälim etdi.

Haýab, şol adamlaryň boşadylmagy üçin paç tölenip tölänmändigi hakynda bolsa maglumat bermedi.

Ýaragly adamlar hepdäniň ahyrynda Kaduna sebitinde Bege buthanasynda ybadat edýänlere garşy hüjüm gurapdy.

Hüjümde zamun alynan 40 adamdan 15-i ýaragly adamlaryň elinden gaçmagy başarypdy.



Degişli Habarlar