Nigeriýada gäminiň batmagy netijesinde 15 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Sokoto ştatynyň Şagari derýasynda gäminiň batmagy netijesinde 15 adam ýogaldy, köp sanda adam dereksiz ýitdi

1984606
Nigeriýada gäminiň batmagy netijesinde 15 adam ýogaldy

Şagari sebitiniň resmisi Aliýu Abubakar ýerli gazede beren beýanatynda, Dandeži obasyndan ýola çykan gäminiň Şagari derýasynda batandygyny habar berdi. 

Abubakar, gözleg we halas ediş işlerinde 15 adamyň jesediniň tapylandygyny, köp sanda adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi. 

Dereksiz ýiten ýolagçylary tapmak üçin gözleg işleriniň dowam edýändigini aýdan Abubakar ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini aýan etdi. 


Etiketkalar: #batmak , #gämi , #Nigeriýa

Degişli Habarlar