ÝB Ukraina 1 Milliard Ýewrolyk Býujeti Tassyklady

Ýewropa bileleşigi, Ýewropanyň parahatçylyk gaznasy atly maliýe üpjünçiliginiň çäginde Ukraina ok-däri goldawy üçin 1 milliard ýewrolyk býujeti tassyklady.

1974564
ÝB Ukraina 1 Milliard Ýewrolyk Býujeti Tassyklady

ÝB Geňeşinden berilen ýazmaça beýannama görä ukrain goşunlaryny goldamak maksady bilen Ýewropanyň parahatçylyk gaznasy atly maliýe üpjünçiliginiň çäginde 1 milliard ýewrolyk maliýe bukjasy kabul edildi.

Şeýlelikde ÝB, agza  ýurtlara 2023-nji ýylyň 9-njy fewraly bilen 31-nji maýy aralygynda bar bolan ätiýaçlary ýa-da bildiren isleglerine laýyklykda Ukraina bagşeden ok-därileri üçin töleg tölär.

Bu kömek bilen bilelikde ÝB-niň Ýewropanyň parahatçylyk gaznasynyň çäklerinde Ukraina beren jemi kömegi 4,6 milliard ýewro deň bolar.

 


Etiketkalar: #gazna , #kömek , #ok-däri , #Ukraina , #ÝB

Degişli Habarlar