ABŞ-ne degişli suwasty gämi Ýakyn Gündogar sebitine ornaşdyryldy
ABŞ gönükdirilen raketalary daşaýan ýadro suwasty gämisini Ýakyn Gündogara ýerleşdirendigini habar berdi
1972491
5-nji flotyň serkerdesi maýor Tim Hawkins beren beýanatynda, suwasty gäminiň 6-njy aprelde sebite girendigini mälim etdi.
Tim Hawkisn Geogiýa portyna degişli USS Florida atly gönükdirilen raketalary daşaýan ýadro suwasty gämisiniň 7-nji aprelde Sues kanalyndan geçendigini aýan etdi.
Suwasty gäminiň 154 sany Tomahawk gönükdirilen raketalary daşamak mümkinçiliginiň bardygyny aýdan Tim Hawkins, onuň 5-nji flota deňiziň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegine goldaw bermek maksady bilen amala aşyrylandygyny habar berdi.