Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 6-7-nji aprel aralygynda Türkiyä resmi sapar gurar

1970631
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Sergeý Lawrowyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çakylygyna laýyklykda ikitaraplaýyn we halkara gün tertibindäki biri-birinden tapawutly meseleleri maslahatlaşmak maksady bilen Türkiyä sapar gurajakdygy habar berildi. 

Beýanatda Lawrowyň we Çawuşoglynyň Ukraina, Günorta Kawkaz, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Gara deňiz sebitindäki hadysalary maslahatlaşjakdygy mälim edildi.

Rus tarapynyň ýagşylyk niýeti hökmünde 60 gün möhlet bilen uzadan Galla geçelgesi ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly pikir alyşyljakdygy bellenen beýanatda: "Esasan hem türk hyzmatdaşlarymyzyň goldawy bilen diňe Ukrainanyň gallasynyň dünýä bazarlaryna üpjünçiligi taýdan däl, eýsem şol bir wagtda halkara ykdysady operatorlaryň rus oba hojalyk önümlerine we dökünine elýeterliligiň päsgel berilmegi taýdan şol ylalaşyklaryň giňişleýin häsýetde durmuşa geçirilmegini maksat edinýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar