Gollandiýada Bolan Otly Heläkçiliginde 1 Adam Ýogaldy

Ýolagçy otlysynyň relýesden çykmagy sebäpli 30 adam agyr ýaralandy.

1969290
Gollandiýada Bolan Otly Heläkçiliginde 1 Adam Ýogaldy

Gollandiýanyň günortasynda ýolagçy otlusy bilen ýük otlusy kakyşdy.

Ýolagçy otlusynyň relýesden çykmagy sebäpli wakada 1 adam ýogaldy, 30 adam agyr ýaralandy.

Gollandiýanyň demirýollary otlyda 50 ýolagçynyň bardygyny mälim etdi.

Iki otlynyň kakyşmagy sebäpli ýolagçy otlusynyň relýesden çykmagyndan soň otly ýanmaga başlady.

Otly heläkçiligi sebäpli Leýden bilen Gaaganyň arasyndaky otly saparlary bes edildi.

Heläkçilikde ýaralananlaryň bir bölegi hassahanada bejergi astyna alyndy.



Degişli Habarlar