Russiýada Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy

Sant-Peterburg şäherinde ýerleşýän bir kafede partlama boldy.

1968734
Russiýada Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bir kafede bolan partlamada 1 adam ýogaldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, Sant-Peterburg şäherinde ýerleşýän bir kafede partlama boldy.

Partlamada 1 adam ýogaldy, 16 adam hem ýaralandy.

Wakanyň başdan geçirlen ýerinde barlag geçiren howpsuzlyk güýçler, partlamanyň partlaýjy enjam arkaly guralandygyny beýan etdi.

Waka hakynda derňew işi gozgaldy.

Partlamada  “Wladlen Tatarskiý” lakamly rus bloger Maksim Fominiň ýogalandygy nygtaldy.

Fomin, rus goşunynyň Ukrainadaky aksiýalaryna goldaw berýän wideo ýazgylary bilen tanalýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar