Senegalda 2 Fermer Hojalygynda Guş Dümewi Ýüze Çykdy

Bu barasynda merkezi Parižde ýerleşýän Bütindünýä haýwan saglygy guramasy beýannama berdi.

1968361
Senegalda 2 Fermer Hojalygynda Guş Dümewi Ýüze Çykdy

Guramanyň beýannamasynda 12-nji martda ýurduň Langue de Barbarie goraghanasyna 37 kilometr alyslykda ýerleşýän fermer hojalyğynda, 18-nji martda bolsa günorta-günbatardaky fermer hojalyğynda guş dümewi epidemiýasynyň ýüze çykarylandygy habar berildi.

Beýannamada 2 epidemiýanyň biri-biri bilen arabaglanşykly bolma ähtimallygynyň bardygy mälim edilýär.

Langue de Barbarie goraghanasynyň 25-nji martda beren beýannamasynda bolsa goraghanada 8-nji martdan 24-nji marta çenli 891 guş dümewiniň anyklanandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar