Eýranyň Daşary işler ministri Russiýada saparda bolýar

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan ýurdunyň Russiýa bilen goranyş taýdan edýän hyzmatdaşlygynyň hiç bir tarapa garşy däldigini habar berdi

1966839
Eýranyň Daşary işler ministri Russiýada saparda bolýar

Resmi sapar bilen Russiýa baran Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Eýranly talyplar habarlar agentligi ISNA beýanat berdi. 

Eýranyň uçarmansyz howa ulaglarynyň ýerine Russiýadan gözegçilik we kiber howpsuzlyk enjamlaryny alandygy bilen bagly öňe sürmeler barada Abdullahiýan: "Elbetde Tähran bilen Moskwanyň umumy güntertibindäki meseleleriň biri hem goranyş pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlykdyr. Hyzmatdaşlygymyz hiç bir tarapa garşy däldir" diýip mälim etdi. 

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen sebitleýin we halkara meseleleri ele aljakdyklaryny we ýadro ylalaşygy bilen bagly geçirilýän gepleşikler barada pikir alyşjakdyklaryny habar berdi. 

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň şu gün Moskwada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirmegina garaşylýar. 



Degişli Habarlar