Polşanyň Premýer-ministri Sizinpiniň Moskwa Saparynyň Aladalandyjydygyny Beýan Etdi

Polşanyň Premýer-ministri Matueş Moraweski Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpiniň Moskwa saparynyň “aladalandyryjydyny” beýan etdi.

1963508
Polşanyň Premýer-ministri Sizinpiniň Moskwa Saparynyň Aladalandyjydygyny Beýan Etdi

Moraweski; “Hytaýy Russiýanyň agressiw halkarea syýasatyny goldamazlyga razy etmäge çalyşýarys” diýdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio bilen Polşada geçiren duşuşygyndan soň beýanat beren Moraweski, täze geosyýasy ulgamyň gurulýandygyny aýtdy.

Moraweski, Ýaponiýanyň Aziýada, Polşanyň bolsa Ýewropada howpsuzlyk üçin eýe bolan ähmiýetine ünsi çekip, Kişida Kiýewe guran sapary üçin sagbolsun aýtdy.

Kişidanyň Kiýewe saparynyň azatlyğa we demokratiýa berilýän goldawyň simwoly bolup durýandygyny nygtan Moraweski, imperializmiň howplaryna göz ýetirýändiklerini nygtady.

Moraweski, Ýaponiýa bilen parahatçylyk, durnuklylyk we azatlyk meselelerinde birmeňzeş garaýyşa eýediklerine ünsi çekip, iki ýurduň has ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigini beýan etdi.

Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpiniň Moskwa saparynyň aladalandyryjydygyny beýan eden Moraweski; “Hytaýy Russiýanyň agressiw halkara syýasatlaryny goldamazlyga razy etmäge çalyşýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar