Litwanyň Parlamenti Wagneri terror guramasy hökmünde ykrar etdi

Litwanyň Parlamenti Ukrainada iş alyp barýan rus howpsuzlyk kärhanasy Wagneri terror guramasy hökmünde ykrar edýän karar kabul edendigini mälim etdi

1960032
Litwanyň Parlamenti Wagneri terror guramasy hökmünde ykrar etdi

Kararda Wagneriň Ukrainada terrora barabar aksiýalar amala aşyrýandygy öňe sürülip, hüjümçiniň ýanynda harby aksiýalara işjeň ýagdaýda gatnaşandygy habar berildi. 

Kararda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine ýakynlygy bien tanalýan işewür adam Ýewgeniý Prigožin tarapyndan döredilen we Ýewropa Bileleşigi we ABŞ tarapyndan sanksiýa sanawyna alynan ýörite harby kärhana Wagner üçin "Russiýanyň kölegeli güýç guraly" diýip bellendi. 

Mundan başgada kararda terror guramasy hökmünde häsýetlendirilýän toparyň Orta Afrika Respublikasy, Sudan we Mali ýaly döwletlerde iş alyp barýandygy, ABŞ-nyň Gazna ministrligi tarapyndan transmilli jenaýat guramasy hökmünde ykrar edilendigi aýan edildi. 

Beýleki ýurtlara hem Wagneri terror guramasy hökmünde ykrar etmek barada çagyryş berildi. 

Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin karara Telegram hasabyndan jogap berip: "Litwa bir mikro döwlet we litwaly parlamentarlaryň garaýyşlary, hatda goňşy ýurtlar bolan Latwiýanyň we Estoniýanyň ýaşaýjylarynada täsir ýetirip bilmez" diýip aýtdy. 

Prigožin mundan başgada kararyň kabul edilmeginiň Wagneriň işlerine hiç hili täsir ýetirip bilmejekdigini aýtdy. 



Degişli Habarlar