Finlýandiýanyň Premýer-ministri Ukrainada Saparda Boldy

Zelenskiý, rus goşunyny “Ukrainada harby jenaýat etmekde” günäkärledi.

1958207
Finlýandiýanyň Premýer-ministri Ukrainada Saparda Boldy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Demirgazyk Akym tebigy gaz turba geçirijilerine guralan hüjüm bilen hiç hili arabaglanşyklarynyň ýokdygyny nygtady.

Zelenskiý düýn paýtagt Kiýewde Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marini kabul etdi.

Zelenskiý bilen Marin özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Zelenskiý beýannamasynda, rus goşunyny “Ukrainada harby jenaýat etmekde” günäkärledi.

Zelenskiý, Russiýa goýlan sanksiýalaryň ardtyrylmalydygyny belledi.

Russiýanyň täze ýarag öndürmek mümkinçiliginiň çäklendirilmelidigini aýdan Zelenskiý, ýurdunyň NATO bilen utgaşyklyk etaby hakynda hem durup geçdi.

Zelenskiý “Ukraina, gurama agza bolmazdan öň ilki howpsyzlyk meselesinde kepilnama berilmegine garaşýar” diýdi.

Demirgazyk Akym tebigy gaz turba geçirijilerine guralan hüjüm hakynda hem durup geçen Zelenskiý “Biziň Demirgazyk Akymy taslamasy bilen hiç hili arabaglanşygymyz ýok” diýdi.

Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin bolsa söweşiň bes edilmegi üçin Ukrainanyň parahatçylyk tagallasyna goldaw berýändiklerini belledi.

Marin, ýurdunyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar