Eýranda soňky 3 aýda 650 gyz okuwçy zäherlendi

Eýranda soňky 3 aýda ýurduň Kum, Tähran, Yspyhan we Burujerd şäherlerindäki 14 aýry mekdepde 650 gyz okuwçy zäherlendi

1953214
Eýranda soňky 3 aýda 650 gyz okuwçy zäherlendi

Başdan geçirilen şol wakalardan soň ýurtda okuwa gitmegiň öňüni alynmagy maksady bilen gyz çagalaryň bilkastlaýyn ýagdaýda zäherlenýändigi orta atyldy. 

Hökümediň metbugat geňeşçisi Ali Bahadori Jehromi, zäherlenme wakalarynyň jogapkärleriniň ýüze çykarylmagy üçin Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Bilim ministrliginiň bilelikde iş alyp barjakdygyny habar berdi. 

Ilki bilen geçen ýylyň 30-njy noýabrynda Kum şäherindäki liseýleriň birinde 18 gyz okuwçy hassahana ýatyryldy, gyz okuwçylaryň zäherlenendigi anyklandy. 

Beýleki şäherlerdäki gyz mekdeplerinde hem şoňa meňzeş wakalaryň başdan geçirilmegi çekişmeleriň döremegine sebäp boldy. 

Käbir töwerekler gyz okuwçylaryň ýurtda soňky aýlarda başdan geçirilen protestler sebäpli nyşana alynandygyny öňe sürdüler. 

Başga töwerekler bolsa gyz okuwçylaryň okuwlara gitmeklerine böwet bolmaga synanyşylýandygyny beýan edýärler. 

Saglygy goraýyş ministrligi wakalaryň ýeňil ýagdaýda geçendigini beýan etdi we: "Zäherlenmeler öldüriji däl, adamlarda howsala döretmeli däl" diýdi. 

Eýranyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýunus Panahi: "Käbir adamlar ähli mekdepleriň, esasan hem gyz çagalaryň gidýän mekdepleriniň ýapylmagyny isleýän ýaly" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar