Ýemeniň Saglygy Goraýyş Ulgamy Üçin 392 Million Dollarlyk Kömek Berilmeli

Ýemeniň saglygy goraýyş pudagy üçin 392 million dollarlyk kömek berilmegi barada çagyryş berildi

1952377
Ýemeniň Saglygy Goraýyş Ulgamy Üçin 392 Million Dollarlyk Kömek Berilmeli

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Ýemeniň saglygy goraýyş pudagy üçin 392 million dollarlyk kömek berilmegi barada çagyryş berdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýemen boýunça ýörite wekili Edhem Abdulmunim mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “Ýemen, saglygy goraýyş ulgamynyň çökmeginiň öňüniň alynmagy üçin halkara jemgyýetçiliginden kömege garaşýar” diýildi.

Beýannamada, Ýemeniň saglygy goraýyş ulgamynyň 12,9 million adama hyzmat etmegi üçin 392 million dollarlyk kömegiň berilmelidigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar