Kosowa Bilen Serbiýanyň Gatnaşyklaryny Kadalaşdyrmak Üçin Ylalaşyldy

Bu barada ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýasatyndan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrell habar berdi.

1952383
Kosowa Bilen Serbiýanyň Gatnaşyklaryny Kadalaşdyrmak Üçin Ylalaşyldy

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýasatyndan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrell Kosowa bilen Serbiýanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin ylalaşandyklaryny, emma ylalaşygyň iş ýüzüne geçmegi üçin wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij bilen Kosowanyň Premýer-ministri Albin Kurti Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Borrell bilen ikiçäk duşuşyk we üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Duşuşyklardan soň metbugata beren beýannamasynda gepleşikleriň netijeli geçendigini aýdan Borrell; “Şol bir wagtda-da şu gün taraplaryň kabul edenleri boýunça iş alyp barylmaly” diýdi.

Žozep Borrell; “Ylalaşyk gazanmak möhüm. Ylalaşylanlary iş ýüzüne geçirmek hasam möhüm” diýdi.

Liderleriň prinsipde ylalaşan meýilnamasynyň ÝB-niň 27 agzasy tarapyndan kabul edilendigini nygtan Borrell, meýilnama boýunça teklibiň sentýabr aýynda hödürlenendigini, şondan bäri ýokary depginli diplomatik gepleşikleriň dowam etdirendigini aýtdy.

Borrell ylalaşygyň raýatlaryň Kosowa bilen Serbiýanyň arasynda öz şahsy resminamalary ýa-da ulaglarynyň döwlet belgileri bilen erkin syýahat etmegini üpjün etjekdigini, şol bir wagtda-da söwda gatnaşyklaryny we maýa goýumlary ýeňilleşdirjekdigini beýan etdi.

Borrell, iki tarapyň hem ÝB-niň utgaşyklygyndan daşgary ýerlerde dartgynlygyň möwç almagyna sebäp boljak haýsydyr bir meçew bermeden çetde durmagy kabul etmeginiň möhüm wakadygyny nygtady.

ÝB-niň Ýokary wekili liderleriň geljek aýyň ortasynda ýene-de bir gezek duşuşandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar