Russiýa-Ukraina Söweşine 1 Ýyl Doldy

Söweşiň 1-nji ýylynda köp sanly ýurtdan Ukraina goldaw ýüzlenmeleri berildi.

1950884
Russiýa-Ukraina Söweşine 1 Ýyl Doldy

ÝB-niň resmi binalary Ukrainanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyryldy. ÝB-niň düzümleriniň ýerleşýän Brýussel şäheriniň Şuman meýdanynda şemler ýakyldy, uruşda pida bolan çagalar üçin şemlerin ýanyna oýunjaklar goýuldy.

ÝB Geňeşinden berilen beýannamada-da Ukraina goldawyň dowam etjekdigi nygtaldy.

Germaniýanyň paýtagty Berlinde söweşiň bir ýyllyğy zerarly şemler bilen parahatçylyk belgisi şekillendirildi.

Fransiýanyň paýtagty Parižde bolsa Eýfel minarasy Ukrainanyň baýdagynyň renkleri bilen yşyklandyryldy.

Londonyň Trafalgar meýdanynda Ukraina goldaw çäresi geçirildi. Aktiwistler topary bolsa Russiýanyň Britaniýadaky İlçihanasynyň öňünden geçýän ýoly Ukrainanyň baýdagynyň reňkine boýady.

Ukraina BMG-niň Baş Assambleýasynda hem goldaw berildi.

Baş Assambleýada Russiýa Ukrainadan dessine çekilmek üçin çagyryş edilýän karar taslamasy tassyklandy. Taslama 7 ýurt garşy ses berdi, 32 ýurt ses bermekden saklandy. 141 ýurt bolsa kabul sesini berdi.

Ukraina harby goldaw hem dowam edýär. ABŞ Ukraina 2 milliard dollarlyk goşmaça howpsuzlyk kömeginiň beriljekdigini beýan etdi.

Resmi Pekin bolsa “Hytaýyň parahatçylyk meýilnamasy” atlandyrylýan 12 maddalyk beýanat berdi.

 



Degişli Habarlar