Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler

Günorta Amerika döwletleriniň Döwlet baştutanlary güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygynda ýer titremelerden soň duýgudaşlyk we gynanç ýüzlenmelerini çap etdiler

1943131
Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler

Meksikanyň Daşary işler ministri Marselo Ebrard Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Döwlet baştutany Andres Manuel Lopez Obradoryň buýrugyna laýyklykda Türkiyä gözleg we halas ediş toparyny ugratjakdyklaryny belläp: "Meksikanyň Harby-howa güýçlerine degişli uçar, Türkiyä gitmak maksady bilen birnäçe sagadyň içinde ýola çykar" diýip belledi. 

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro hem Twitter hasabyndan beren beýanatynda, doganlyk Türkiyäniň we Siriýanyň halklary bilen raýdaşlyk içindediklerini belläp: "Aradan çykan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, Türkiyäniň we Siriýanyň halkyna gynanç bildirýärin" diýip habar berdi. 

Argentinanyň Döwlet baştutany Alberto Fernandes sosial media hasabyndan beren beýanatynda, köp sanda adam pidalary zerarly Argentinanyň Türkiyäniň we Siriýanyň halklary we döwletleri bilen raýdaşlyk içindedigini mälim etdi. 

Boliwiýanyň Döwlet baştutany Luis Arse Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Türkiye we Siriýa bilen doly ýagdaýda raýdaşlyk içindediklerini nygtap: "Boliwiýanyň döwleti ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanç bildirýär we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýär" diýip aýan etdi. 

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro hem sosial media hasabyndan beren beýannamasynda, Türkiýäniň we Siriýanyň halklary bilen raýdaşlyk içindediklerini belläp, Daşary işler ministrliginiň anyk ýardamlar üçin degişli resmiler bilen aragatnaşyga geçendigini habar berdi. 

Gwatemalanyň Prezidenti Alehandro Jammattei Twitter hasabyndan beren beýanatynda, türk halky we hökümeti bilen raýdaşlyk içindediklerini belläp: "Müňlerçe adamyň pida bolan ýer titreme sebäpli ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirýäris, dogalarymyzy paýlaşýarys. Ýüregimiz siziň bilen" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar