Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň resmi Twitter hasabyndan çap edilen gynanç ýüzlenmede hem: "Ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýäris. Azerbaýjan hemişe Türkiyäniň ýanyndadyr" diýip beýan edildi

1942394
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, güýç merkezi Kahramanmaraş etrabynyň Pazarjyk etraby bolan we ýurduň jemi 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,4 bal ululygyndaky ýer titreme sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugratdy. 

Azerbaýjanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä, Ilham Aliýew gynanç ýüzlenmesinde: "Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen we doganlyk Türkiyäniň ençeme ýerinde duýulan güýçli ýer titremäniň netijesinde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar bizi çuňňur gynandyrdy. Bu kyn günlerde islendik kömegi bermäge taýardygymyzy nygtap geçýäris, size, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, doganlyk Türkiyäniň halkyna hut öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan gynanç bildirýärin, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin, ýer titremäniň täsiriniň iň tiz wagtda ortadan aýyrlmagyny dileýärin" diýip habar berdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow hem Türkiyede başdan geçirilen ýer titremede ýogalan adamlar zerarly Milli Goranmak ministri Hulusi Akara gynanç ýüzlenmesini ugratdy. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň resmi Twitter hasabyndan çap edilen gynanç ýüzlenmede hem: "Ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýäris. Azerbaýjan hemişe Türkiyäniň ýanyndadyr" diýip beýan edildi. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew hem ýer titremede ýogalan adamlar zerarly Prezident Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugratdy. 

Tokaýew Gazagystanyň Türkiyä kömek bermäge taýardygyny habar berdi. 

Ysraýylyň Prezidenti Isaak Hersog hem ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap edip, Ysraýylyň kömek bermäge taýardygyny beýan etdi. 

Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem, Latwiýanyň Daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs,, Fransiýanyň Daşary işler ministri Katrin Kolonna, Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni, Italiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Antonio Tajani, Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rýutte, Gollandiýanyň Daşary işler ministri Wopke Hekstra we Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok sosial mediýa hasaplaryndan duýgudaşlyk ýüzlenmelerini çap edip, ýer titremede ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi, Türkiýä kömek bermäge taýardyklaryny habar berdiler. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Kipr türk halkynyň Türkiyäniň gam-gussasyny ýürekden paýlaşýandygyny belläp, adam pidalarynyň iň az derejede bolmagy barada dileg etdi.

Türkiye bilen hemişe raýdaşlyk içinde bolandyklaryny aýdan Ersin Tatar: "Ýogalan adamlara Allatagalladan rehnet, ýaralanan doganlarymyza gyssagly şypa we ata watan Türkiyä duýgudaşlyk bildirýäris, hut öz adymdan we DKTR-nyň raýatlarynyň adyndan çuňňur gynanç bildirýärin" diýip beýan etdi. 

Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif hem Twitter hasabyndan gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Şahbaz Şerif gynanç ýüzlenmesinde: "Türkiyäniň günota-gündogar sebitine täsir ýetiren bu uly ýer titreme baradaky habar bizi örän gynandyrdy. Başdan geçirilen adam pidalary we şikes ýetmeler sebäpli doganym Prezident Rejep Taýýip Erdogana we doganlyk Türkiyäniň halkyna çuňňur gynanjymy bildirýärin" diýip mälim etdi. 

Türkiyäniň Pakistana iň kyn günlerinde ýardam elini uzadandygyny ýatladan Şahbaz Şerif, Yslamabadyň mümkin bolan her dürli goldawy berjekdigini aýan etdi. 

Müsüsriň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Türkiyäniň we Siriýanyň halklaryna gynanç bildirildi we şikes ýeten adamlaryň tiz wagtda sagalmaklary dilenip, Müsüriň bu apata garşy göreşde ýardam etmäge taýardygy beýan edildi. 

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Baş sekretary Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kubanyçbek Ömüraliyew beren ýazmaça beýanatynda, TDG hökmünde bu kyn zamanada Türkiye Respublikasynyň we doganlyk türk halkynyň ýanyndadyklary bellenip: "Ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç we ýaralanan adamlara gyssagly şypa dileýäris" diýip bellendi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň müdüri Gans Klýuge hem Twitter hasabyndan beren beýannamasynda, BSGG-nyň Ýewropa agzasy bolan Türkiye bilen Siriýada başdan geçirilen ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi. 


Etiketkalar: #gynanç , #lider , #dünýä , #Türkiye

Degişli Habarlar