Şols Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde, Ukrainadaky syýasy we ykdysady ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

1937945
Şols Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

Nemes hökümeti tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde, Ukrainadaky syýasy we ykdysady ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Şols, Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri guraýan hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi we Germaniýanyň Ýewropaly ýaranlary bilen birlikde Ukraina berýän harby kömegini artdyrjakdygyny nygtady.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý hem Leopard 2 tanklarynyň Ukrainanyň ýaragly güýçlerine berilmegi meselesinde kabul eden kararlary sebäpli Germaniýanyň Federal Kanslerine sagbolsun aýtdy.

Iki lider ýakyndan aragatnaşyk saklamak meselesinde ylalaşyk gazandy

 



Degişli Habarlar