Germaniýada saglygy goraýyş ulgamynda krizis başdan geçirilýär

Saglygy goraýyş ulgamyndaky meseleleriň olar bilen çäkli bolmandygyny aýdýan hünärmenler, saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş kärhanalaryndaky býurokratiýany hem şikaýat edýärler

1920661
Germaniýada saglygy goraýyş ulgamynda krizis başdan geçirilýär

Germaniýada artan grip wakalary, RSV dem alyş wirusy, koronawirus epidemiýasy, saglygy goraýyş işgärleriniň ýetmezçiligi we derman ýetmezçiligi saglygy goraýyş ulgamyny krizisiň bosagasyna getirdi. 

Germaniýanyň Lukmançylyk birleşiginiň başlygy Klaus Reinhardt, Tagesspiegel gazedine beren interwýusynda käbir dermanlary tapmakda kynçylyklary başdan geçirýändiklerine ünsleri çekip, toloka usuly bilen biri-birlerine kömek etmäge çagyrdy. 

Öýlerdäki dermen gutularyndaky ulanylmaýan dermanlaryň ulanylyp bilinjekdigini aýdan Klaus Reinhardt: "Saglygyňyz gowy bolsa, bar bolan dermanlary syrkawlara bermelidirsiňiz" diýip belledi. 

Germaniýanyň Hassahanalar bileleşiginiň başlygy Gerald Gass saglygy goraýyş edaralaryndaky işgärleriň sanynyň 9-10 göterim azalandygyny belläp: "Ol bolsa her 10 adamyň 1-iniň syrkawdygy manysyny berýär" diýip habar berdi. 

Gass epidemiýa sebäpli syrkawlan işgärlere goşmaça ýagdaýda, Kowid-19 epidemiýasy, çagalarda seýrek gabat gelýän grip we RSV dem alyş wirusy sebäpli meseleleriň barha artyp ulalýandygyny mälim etdi. 

Saglygy goraýyş ulgamyndaky meseleleriň olar bilen çäkli bolmandygyny aýdýan hünärmenler, saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş kärhanalaryndaky býurokratiýany hem şikaýat edýärler. 



Degişli Habarlar