Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý rus goşunlarynyň hüjümleri sebäpli Donbassdaky şäherlerde agyr ýitgileriň çekilendigini beýan etdi.

1919117
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi

Zelenskiý Telegram hasabyndan halka ýüzlenip çykyş etdi.

Zelenskiý front liniýasynda agyr çaknyşyklaryň dowam edýändigini nygtap, rus güýçleriniň front liniýasyndaky ilatly ýerleri ýumurmaga dowam edýändigini aýtdy.

Prezident Zelenskiý; “Russiýa Mariupol, Wolnowaha, Bahmut şäherlerinde bolşy ýaly Donbassda-da şäheri ýok edýär” diýdi.

Rus güýçleriniň şu gün we düýn şähere hüjümler gurandygyny aýdan Zelsnkiý, hüjümler sebäpli 8 ýaşly çaganyň ýogalandygyny habar berdi.

Rus tarapy bilen düýn edilen ýesir çalşygynda ýene-de 64 ukrain esgeriniň azat edilendigini aýdan Zelenskiý; “Henizem Russiýada tussaglykdaky ukrainalylaryň boşadylmagy we öýlerine dolanyp gelmekleri üçin çalyşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar