Şols, Russiýa Garşy Goýlan Sanksiýalara Goldaw Bermekleri Üçin Çagyryş Berdi

Şols, Albaniýanyň paýtagty Tiranda geçirlen ÝB-Günbatar Balkan sammitinden soň metbugata beýannama berdi.

1915688
Şols, Russiýa Garşy Goýlan Sanksiýalara Goldaw Bermekleri Üçin Çagyryş Berdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Günbatar Balkan ýurtlaryna, ÝB-niň Russiýa garşy alyp barýan syýasatlaryna we goýan sanksiýalaryna goldaw bermekleri üçin çagyryş berdi.

Şols, Albaniýanyň paýtagty Tiranda geçirlen ÝB-Günbatar Balkan sammitinden soň metbugata beýannama berdi.

Russiýa garşy birlikde hereket edilmegi üçin çagyryş beren Şols, “Russiýa garşy goýlan sanksiýalar meselesinde ÝB-ne dalaşgär ýurtlardan ÝB-niň sanksiýa syýasatyna laýyklykda hereket etmeklerine garaşýarys” diýdi.

Şols, ýurdunyň, Günbatar Balkan ýurtlarynyň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýändigini ýatlatdy.

Ýurdunyň, Albaniýanyň, Bosniýa-Gersegowinanyň, Kosowanyň, Garadagyň, Demirgazyk Makedoniýanyň we Serbiýanyň ÝB-ne agzalyk teklibine güýçli goldaw berýändigine ünsi çeken Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, “Hyzmatdaşlarymyzy ösdürmek we Günbatar Balkan ýurtlarynyň ÝB-ne agzalyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi üçin elimizden geleni ederis” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar