Şwesiýa Terror Bazasyna Öwrülmeli Däl

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson ýurdunyň terror bazasyna öwrülmeli däldigini beýan etdi.

1915140
Şwesiýa Terror Bazasyna Öwrülmeli Däl

Şwesiýada Türkiye garşydaşlygy bilen tanalýan Sosial demokrat partiýasynyň ozalky halk deputaty Nalin Pekgülüň NATO ylalaşygynyň çäginde Türkiýä terrorçylaryň yzyna berilmezligi üçin ýazan hatyna jogap beren Kristersson; “Şwesiýa terror bazasyna öwrülmeli däl” diýdi.

Kristersson Pekgüle jogap hökmünde çap eden hatynda; “Terrorizme, terrorizmiň maliýeleşdirilmegine ýa-da başga jenaýatlara goşulyşmadyklaryň gorkara zady ýok. Şonuň bilen bilelikde Şwesiýadan başga ýurtlara garşy bolsun ýa-da bolmasyn, Şwesiýanyň terror bazasyna öwrülmegine ýol bermeris. Biziň ýurdumyzda bolşy ýaly Türkiýäniň hem terrorizme garşy özüni gorama hukugynyň bardygyny elmydama nygtadym” diýdi.

Şwesiýanyň Türkiye we Finlandiýa bilen gol çekişen NATO ylalaşygynyň şertlerini berjaý etjekdigini aýdan Kristersson, beýleki partiýalaryň hem bu uğurda özlerini goldaýandygyny mälim etdi.

Türkiye 28-nji iýunda İspaniýanyň paýtagty Madritde geçirilen NATO-nuň sammitinde agzalyk üçin ýüz tutan Finlýandiýa bilen Şwesiýany weto edýär. Terror guramalaryna aç-açan goldaw berýän iki ýurt bilen ähtnama gol çekişen Ankara, berilen sözleriň iş ýüzüne geçmegine garaşýar.



Degişli Habarlar