“Putin Ýurdunyň Uly Ýitgi Çekmegine Sebäp Bolýar”

Olaf Şols, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini tankyt etdi.

1914816
“Putin Ýurdunyň Uly Ýitgi Çekmegine Sebäp Bolýar”

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini tankyt etdi.

Gamburg şäherinde çykyş eden Şols, “Putin Ukraina garşy iň agyr jenaýatlaryň edilmegi üçin görkezme berýär we şol bir wagtda hem ýurdunyň uly ýigti çekmegine sebäp bolýar” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Ukraina söweşinde ýoluny ýitendigini aýdan Şols “Putin Ukraianda asuda ilaty, çagalary, zenanlary we ýaşulylary nyşana almak bilen adam hukuklaryny basgylaýar”diýip elledi.

Ukrainanyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde ýeňilmeli däldigini nygtan Şols, Russiýa esgerlerini yzyna çekýänçä Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Putin bilen aragatnaşygyň kesilmeginiň uly ýalňyşlyk boljakdygyna ünsi çeken Germaniýanyň Federal Kansleri “Gepleşikleriň näçe wagt dowam etjekdigine garamazdan Putin bilen gepleşik geçirmäge dowam ederin” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar