“Russiýa Terror Döwleti Diýlip Yglan Edilsin”

Zelenskiý, Madritde geçirlen NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň 68-nji maslahatyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

1909115
“Russiýa Terror Döwleti Diýlip Yglan Edilsin”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň “terror döwleti diýlip” yglan edilmegini isledi.

Zelenskiý, Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirlen NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň 68-nji maslahatyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

 Zelenskiý, NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň agzalaryna ýüzlenip eden çykyşynda “Millionlarça raýatymyza howp salýan Russiýa, gyş paslynda elektrik togynyň we suwyň, tebigy gazyň kesilmegi üçin infstrukturamyzy nyşana alýar. Siziň üçin parlamentleriňizde Russiýany terror döwleti diýip etmek has dogry bolar” diýdi.

Zelenskiý, Ukrainadaky ýadro desgalaryna guraljak haýsydyr bir hüjümiň ähli ýurtlara ýaramaz täsirini ýetirjekdigini we şol hüjümleriň öňüniň alynmagynyň her bir adam üçin bähbitli boljakdygyny nygtady.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý “Russiýa goýlan sanksiýalaryň dowam etmegini we Russiýanyň terror tohumlaryny ekmek üçin täze ýollar gözlemegine rugsat berilmezligini” isledi.

 



Degişli Habarlar