NASA-nyň iň güýçli raketasy "Artemida-1" uçuryldy

ABŞ-nyň Awiasiýa we älem giňişligi agentliginiň (NASA) Aýa gaýdyp baryş taslamasy bolan SLS-Orion emeli hemra gämisi "Artemida-1" uçuryldy

1907084
NASA-nyň iň güýçli raketasy "Artemida-1" uçuryldy

NASA-nyň Grek Taňry zenan "Artemidanyň" ady dakylan derňew missiýasynyň çägindäki iň uly raketasynyň Florida ştatynyň Kape Kanaweral sebitinde ýerleşýän Kennedi bazasyndan uçurylandygy habar berildi. 

NASA 27-nji sentýabrda Aýa uçurylmagy meýilleşdirilen täze raketanyň uçurylyşyny Florida ştatyna howp salan Nikol tupany sebäpli ýaňadandan yza süýşürilmegi barada karara gelipdi. 

Kennedi bazasyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilen Aýa gaýdyp baryş taslamasynyň (Artemida-1 wezipesi) çäginde 27-nji sentýabrda göz öňünde tutulan uçuş synagy Florida ştatyna golaýlan Ian tupany sebäpli 3-nji gezek yza süýşürilipdi. 

NASA 26-nji sentýabrda Artemida üçin ulanylan emeli hemra gämisini we uçuryş platformasyndaky raketany tupan sebäpli angara ýygnajakdygyny aýan edipdi. 

Ady agzalan uçuş meýilnamasy ozal hem ýangyn ammaryndaky näsazlyk sebäpli 2 gezek yza süýşürilipdi. 

NASA-nyň Uzak aralykly älem giňişligi derňew ulgamlarynyň ilkinji integrasiýa uçuş synagyny geçirjek "Artemida 1" uçuşy üstünlikli geçen halatynda, NASA-nyň astronawtlary 2024-nji ýylda Aýyň töwereginde uçup bilerler we 2025-nji ýylda Aýa gonup bilerler. 



Degişli Habarlar