NATO Ýewropadaky Esgerleriniň Sanyny Artdyrdy

Şoýgu, NATO-nyň sebitdäki harby güýjüniň artmagynyň Belarusyň başda durmagynda Russiýa we hyzmatdaşlary üçin howplydygyna ünsi çekdi.

1901267
NATO Ýewropadaky Esgerleriniň Sanyny Artdyrdy

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, fewral aýyndan bäri NATO-nyň Merkezi we Gündogar Ýewropadaky esgerleriniň sanyny 2,5 esse artdyrandygyny aýtdy.

Sergeý Şoýgu, Belarusly harby ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Russiýanyň günbatar serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Günbatarly ýurtlaryň, Russiýanyň ykdysadiýetini, harby mümkinçiligini we garaşsyz daşary syýasat alyp barmagyny bökdemegi maksat edinýändigini aýdan Şoýgu “Merkezi we Gündogar Ýewropada, Baltika ýurtlarynda NATO agza bolmadyk ýurtlaryň ýaragly güýçleri ornaşdyrylýar. Bolgariýada, Wengriýada, Ruminiýada we Slowakiýada köp milletli harby türgenleşikler geçirilýär. 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri esgerleriň sany 2,5 esse artdyryldy we 30 müňden geçdi. Şol san gysga möhletde has-da artyp biler” diýdi.

Şoýgu, NATO-nyň sebitdäki harby güýjüniň artmagynyň Belarusyň başda durmagynda Russiýa we hyzmatdaşlary üçin howplydygyna ünsi çekdi.

Şoýgu, Günbatarly ýurtlaryň Ukraina ýarag we harby enjam kömegini bermek we hakyna tutmak esger ugratmak bilen Ukrainadaky çaknyşygyň has-da güýçlenmegine sebäp bolýandygyny belledi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar