Şols, Türkiýäniň Gara Deňiz Galla Geçelgesi Üçin Edýän Tagallasyny Takdyr Edýär

Germaniýanyň Federal Kansleri, Türkiýäniň Gara deňiz galla geçelgesi arkaly ukrain gallasynyň eksport edilmegi üçin edýän tagallasyny takdyr edýändigini aýtdy.

1900894
Şols, Türkiýäniň Gara Deňiz Galla Geçelgesi Üçin Edýän Tagallasyny Takdyr Edýär

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Türkiýäniň Gara deňiz galla geçelgesi arkaly ukrain gallasynyň eksport edilmegi üçin edýän tagallasyny takdyr edýändigini aýtdy.

Nemes hökümetiniň metbugat sekretary Şteffen Hebestraýt, Feneral Kansler Şolsyň Prezident R. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Şols bilen Erdoganyň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny aýdan Hebestraýt, “Federal Kansler Şols, Türkiýäniň Gara deňiz galla geçelgesi arkaly ukrain gallasynyň eksport edilmegi üçin edýän tagallasyny takdyr edýär” diýdi.

Nemes hökümetiniň metbugat sekretary, Şols Bilen Erdoganyň ýakyndan aragatnaşyk saklamak meselesinde ylalaşyk gazanandygyny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar