Şols Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Şolsyň rus ýaragly güýçleriniň Ukrainada infstrukturany nyşana almagyny ýazgarýar

1900346
Şols Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Nemes hökümetinden berlen beýannama görä, Şols bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde, Germaniýanyň Ukraina syýasy, maliýe, ynsanperwer we ýarag kömegi bilen birlikde özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Beýannamada, Şolsyň rus ýaragly güýçleriniň Ukrainada infstrukturany nyşana almagyny ýazgarýandygy bellenildi.

Beýannamada, Federal Kansleriň, Ukrainanyň konwensional ýarag ulanmaga taýarlandygy barada Russiýa tarapyndan öňe sürlen asylsyz garaýşy kabul etmeýändigi ýatladyldy.

Beýannamada şeýle hem iki lideriň halkara azyk krizisiniň çuňlaşmagynyň öňüniň alynmagy üçin galla geçelgesi ylalaşygynyň BMG-nyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilmegi barada çagyryş berendigi bellenildi.

Şols bilen Zelenskiýniň Ukrainadaky harby we syýasy ýagdaý bilen birlikde şol ýurda beriljek beýleki kömekler hakynda pikir alyşandygy bellenildi we iki liderleriň ýakyndan aragatnaşyk saklamak meselesinde ylalaşyk gazanandygy ýatladyldy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

 

 



Degişli Habarlar