ABŞ-nyň Döwlet sekretary hytaýly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Hytaýyň Döwlet geňeşiniň agzasy we Daşary işler ministri Wang Ýi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1899772
ABŞ-nyň Döwlet sekretary hytaýly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýanatda, Blinken bilen Wangyň iki ýurduň gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklary habar berildi. 

Beýanatda: "Ministr Blinken iki ýurduň arasyndaky aragatnaşyk kanallarynyň açyk tutulmagyny dowam etdirmek we ABŞ-Hytaý gatnaşyklaryny jogapkärli ýagdýada dolandyrmak zerurlyklaryny maslahatlaşdy. Ministr Blinken Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan söweşini we onuň global howpsuzlyk we ykdysady durnuklylygyna garşy howplaryny gün tertibe getirdi" diýip mälim edildi. 

Blinkeniň Gaitide erbetleşen ynsanperwer we howpsuzlyk ýagdaýyny hem hytaýly kärdeşi bilen maslahatlaşandygy bellenen beýanatda: "Ministr Blinken Gaitiniň halkyny goldamak üçin sazlaşykly herekete zerurlygyň bardygyna ünsleri çekdi" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Hytaý , #ABŞ , #Entoni Blinken

Degişli Habarlar