Moskwada howpsuzlyk türgenleşikleri geçirilýär
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde dolanşyk we parlament binalaryny terror howplaryndan goramak bilen bagly türgenleşikler geçirilýär
Russiýada ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary bilen birlikde federal emläkleriň goralmagyndan jogapkär Federal Gorag gullugy, döwlet baştutanynyň dolanşyk kompleksi, Russiýanyň parlamendiniň aşakgy ganady Döwlet Dumasy we ýokary ganady Federasiýa Geňeşi bilen hökümet binalarynyň ýerleşýän meýdançasynda ozaldan meýilleşdirilen ýörite taktiki türgenleşikler geçirýär.
Federal Gorag gullugynyň berýän habaryna görä, türgenleşik terror häsýetindäki howplary ortadan aýyrmak, lukmançylyk kömegini üpjün etmek we jenaýatçylary tussag etmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Gije ýörite egin-eşikli käbir howpsuzlyk gullukçylaryň we sowutly ulaglaryň Moskwadaky Federasiýa Geňeşine degişli binanyň golaýyndaky materiallar sosial mediada paýlaşylypdy.
Degişli Habarlar
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
DEAŞ, wagtal-wagtal esasan şaýy Hazaralara garşy hüjümler guraýar.