Stoltenberg Russiýa we Eýrana duýduryş berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýa Ukrainada dartgynlygy artdyrmak üçin galp bahanalary ulanmazlygy, Eýrana bolsa söweşde Russiýa kömek bermezligi barada duýduryş berdi

1897764
Stoltenberg Russiýa we Eýrana duýduryş berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, häzirki wagtda Adriatik deňizinde bolan ABŞ-na degişli "George H.W. Bush" uçargöter gämisinde eden çykyşynda, Ukrainadaky söweşiň üstünde durup geçip, söweşiň möhüm tapgyryndadyklaryny beýan etdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, şowsuzlyklaryna söweş meýdanynda has uly agressiýa bilen garşylyk görkezýändigini aýdan Ýens Stoltenberg, Russiýanyň asuda halka, ýaşaýyş zolaklaryna we raýat infrastrukturalaryna hüjümler guraýandygyny aýdyp: "Russiýa indi bolsa Ukrainanyň öz topragynda radiologiki hapa bomba ulanmak üçin taýarlyk görýändigi barada ýalňyş maglumatlary öňe sürýär. NATO ýalňyşdygy örän aýdyň bolan şol günäkärlemeleri ret edýär. Russiýa ýygy-ýygydan öz etmek isleýän zatlary bilen başgalary günäkärleýär. Onuň mysalyny bolsa Siriýadan Ukraina çenli gördük. Russiýa ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrmak üçin galp bahanalary ulanmaly däl. Dünýä olara ýakyndan gözegçilik edýär" diýip habar berdi. 

Ýens Stoltenberg soňky günlerde Eýranyň Russiýa harby taýdan kömek berýändigini hasaba alandyklaryny mälim etdi. 

"Ol kabul edilmez" diýip aýdan Stoltenberg, Russiýa hiç bir ýurduň kömek etmel däldigini beýan etdi. 

Ýens Stoltenberg NATO agza bolan ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryny hoşallyk bilen kabul edendigini belledi. 

NATO-nyň "Neptune Strike 2022" atly harby türgenleşigine NATO agza bolan 24 ýurt bilen NATO hyzmatdaşlary bolan Şwesiýadan we Finlýandiýadan 80-den gowrak harby uçar, 14 gämi, takmynan 6 müň esger gatnaşýar. 



Degişli Habarlar