Lafarž Terror Guramasy DAEŞ-e Kömek Edendigini Boýun Aldy

Fransuz sement öndürijisi firmasy “Lafarž” terror guramasy DAEŞ-e kömek edendigini boýun aldy.

1894740
Lafarž Terror Guramasy DAEŞ-e Kömek Edendigini Boýun Aldy

ABŞ-nyň Adalat ministrliginden berilen beýannama görä “Lafarž” Nýu-Ýorkyň Bruklaýn fedaral kazyýetinde düşnüşmek boýunça ylalaşdy.

Özi hakynda gozgalan “DAEŞ-e kömek bermek” jenaýatyny boýun alan “Lafarž” 777,78 million Amerikan dollary möçberinde puşmana töleg tölemegi kabul etdi.

“Lafarždan” berilen ýazmaça beýannamada bolsa “ “Lafarž” we kömekçi firmasy “Lafarž Siriýanyň” ýolbaşçylarynyň şahsy taýdan goşulyşan aksiýalary sebäpli jogapkärçiligini boýun aldy. Bu aksiýalar “Lafaržyň” jenaýat kodeksiniň pespällik bilen bozulmagydyr. Waka sebäpli uly gynanç bildirýäris” diýilýär.

Fransiýanyň Prokuroturasy 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda “Lafaržyň” Siriýada DAEŞ terrorçylaryna maliýe kömegini bermegi sebäpli “adamzada garşy jenaýata şärik bolmak” günäkärlemesiniň bildirilmegini tassyklapdy.

Parižiň Kassasion kazyýeti bolsa 18-nji maýda fransuz sement firmasyna bu jenaýat sebäpli iş gozgalmagy hakyndaky talapnamany tassyklapdy.

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy “TRT Worldde” 2021-nji ýylyň noýabrynda ýaýlyma beren “The Faktory” atly dokumental filminde fransuz döwleti bilen ýakyn gatnaşykda bolan “Lafaržyň” ekstremist terror guramasy PKK bilen DAEŞ-e onlarça million dollar töleg töländigini delilleri bilen ýüze çykarypdy.

 



Degişli Habarlar