Germaniýa Ykdysady Garaşlylyk Gatnaşygyny Hytaý Bilen Gaýtalamaly Däl

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok ýurdunyň Russiýa bilen ykdysady garaşylylyk gatnaşygynyň Hytaý bilen gaýtalanmaly däldigini beýan etdi.

1894583
Germaniýa Ykdysady Garaşlylyk Gatnaşygyny Hytaý Bilen Gaýtalamaly Däl

Paýtagt Berlinde Kerber gaznasynyň guran daşary syýasat forumynda çykyş eden Annalena Berbok, ýurdunyň “awtoritar dolanşyklar bilen ulgamlar bäsleşigine” taýýarlykly bolmalydygyny nygtady.

Russiýa bilen ýakyn döwürdäki gatnaşyklarda goýberilen ýalňyşlyklardan netije çykarylmalydygyna ünsi çeken Berbok; “Germaniýa rus energiýa serişdelerine garaşylylyk boýunça gündogar ýewropaly hyzmatdaşlarynyň duýduryşlaryna üns bermedi. Şeýle ýalňyşlygy gaýtalamazlyk üçin degişli çäreler görülmeli. Ol hem Hytaý boýunça syýasatymyzda ony doly göz öňünde tutmalydygymyzy aňladýar” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols geçen hepde ýurdunda geçirilen işewürler maslahatynda Hytaý bilen bäsleşikde “ykdysady gatnaşyklary üzmegiň” ýalňyş çemeleşme boljakdygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar