ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp soraga çekiler

ABŞ-da Wekiller mejlisiniň 6-njy ýanwar Derňew komitedi, ýurduň ozalky Prezidenti Donald Trampy soraga çagyrdy

1892731
ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp soraga çekiler

Ýurtda 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Kongres wakalaryny derňemek maksady bilen döredilen Wekiller mejlisiniň Ýörite komitediniň düýn geçirilen maslahatynda geçirilen ses berilşikde, 9 agzanyň ählisi Donald Trampyň soraga çekilmegi baradaky teklibi goldadylar. 

Komitediň başlygy Benni Tompson beren beýanatynda: "Tramp 6-njy ýanwarda bolan hekaýanyň merkezindäki adamdy. Şol sebäpli hem wakany onuň agzyndan eşitmek isleýäris" diýip belledi. 

Benni Tompson, Komitediň 6-njy ýanwarda başdan geçirilen hadysalary bütewi ýagdaýda diňlemeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Ýurtda 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda geçirilen Prezident saýlawynda Jo Baýdeniň üstün çykmagyndan soň, saýlawyň netiejsini kabul etmedik Donald Trampyň tarapdarlary, 6-njy ýanwarda Kongres binasyna güýç bilen giripdiler, başdan geçirilen wakalarda 5 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar