BMG-da Russiýanyň Ukrainadaky referendum kararlary ýazgaryldy

BMG-nyň Baş Assambleýasy, Russiýanyň Ukrainanyň käbir sebitlerini bikanun ýagdaýda anneksiýa etmegini ýazgarýan karary 143 ýurdyň sesi bilen kabul edildi

1892243
BMG-da Russiýanyň Ukrainadaky referendum kararlary ýazgaryldy

193 agzaly BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirilen ses berilşik, Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk, Lugansk, Zaparožýe we Herson sebitlerini anneksiýa etmek üçin geçen aý geçiren bikanun referendumlaryny maslahatlaşmak maksady bilen 10-njy oktýabrda adatdan daşary ýagdaýda maslahatyň geçirilmeginden soň boldy. 

Ses berilşikde 143 döwlet Russiýanyň göçüminiň ýazgarylmagy babatynda, aralarynda Russiýa, Wenesuela, Demirgazyk Koreýa, Belarussiýa we Siriýa ýaly ýurtlar bolan 5 döwlet bolsa garşy ses berdi. 

Aralarynda Hytaý we Hindistan hem bolan 35 ýurt bolsa ses bermekden saklandy. 

Ähli döwletlere we halkara guramalara, Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky ady agzalan 4 sebitde islendik başlangyjy ykrar etmezlik barada çagyryş berilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň karary, Moskwadan ähli harby güýçlerini Ukrainanyň halkara derejede kabul edilen serhetlerinden iň gysga wagtda, dolulygyna we şertsiz ýagdaýda çekmegini talap edýär. 

Kararda mundan başgada 24-nji fewraldan bäri dowam edýän dartgynlygyň azaldylmagy we çaknyşyklaryň syýasy dialog, gepleşikler, araçylyk we beýleki parahatçylykly ýollar bilen çözülmeginiň goldanylmagy nygtaldy. 

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, ses berilşikden soň sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, karary goldan 143 ýurda minnetdarlyk bildirýändiklerini habar berdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #BMG

Degişli Habarlar