Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy

Putin, ýadro meselesiniň soňky döwürde ýygy-ýygyndan syýasy mesele ýagdaýyna gelendigini aýtdy.

1891852
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Halkara Atom energiýasy gullugynyň başlygy Rafael Mariano Grossi bilen duşuşdy.

Wladimir Putin Sankt- Peterburg şäherinde bolan duşuşykda, ýadro meselesiniň soňky döwürde ýygy-ýygyndan syýasy mesele ýagdaýyna gelendigini aýtdy.

Bu ýagdaýyň diýseň howplydygyna ünsi çeken Putin, “Bu meseledäki çekeleşikleri azaltmagy we dünýäde başdan geçirilýän dartgynlyklara we çylşyrymly etaplara garamazdan bu ugurda edýän hyzmatdaşlygymyzy kadalaşdyrmagy umyd edýärin” diýdi.

Putin, Zaporožýe ýadro bekedinde başdan geçirlen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmaga taýardyklaryny belledi.

Halkara Atom energiýasy gullugynyň başlygy Rafael Mariano Grossi bolsa sebitde ýerleşýän ýurtlara uly zeper ýetirip biljek ýadro heläkçiliginden halas bolmak üçin tagalla edýändiklerini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar